Täze jaýlarda bagtyýar durmuşyň höziri

30 Noýabr 2020
116

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň şanyna Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi açylyp, ulanylmaga berildi. Şäheri aralap geçýän Şabat akabasynyň kenaryna barabar uzap gidýän Daşoguz köçesindäki ýaşaýyş jaýlarynyň nyzamly hataryndan orun alan bu jaýlaryň gurluşygyny «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Şäheriň gözel künjeginde ýanaşyk gurlan, dört gatly, 16, 24 we 32 öýli bu jaýlaryň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Täze jaýlar şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýändigi bilen, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary derejesini özünde jemleýär. Olaryň daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyryldy. Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançasy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga sport meýdançalary ýerleşýär. Täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan toý dabaralary şäheriň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlarydyr tans kompozisiýalary bilen utgaşdy.

Ata DÄDEBAÝEW,
«Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşyk meýdançasynyň ýolbaşçysy:

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ismail IBRAGIMOW.