Ynanyşmak ýoly bilen

30 Noýabr 2020
102

Öňňin, 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän 2020-nji ýylyň şanly wakalara, taryhy ähmiýetli halkara çärelere beslenýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça durnukly ösüşi üpjün etmek milli Liderimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreler, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän halkara maslahatlar ýurdumyzda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagynda, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynda möhüm orun eýeleýär.

Wladimir ANNADURDYÝEW.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty.