Sport — parahatçylygyň ilçisi

30 Noýabr 2020
95

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň ýokary okuw mekdeplerimizdäki sanly okuwlary dowam edýär. Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Muratowyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.

Wideoaragatnaşyk arkaly guralan maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda bellenilişi ýaly, hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sporty hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenilýär. Şeýle-de ilçi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar, ynsanperwer ugurdaky, şol sanda sport boýunça hyzmatdaşlygyň netijeleri we giň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi.

Döwlet HEŞDEKOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.