Agrosenagat toplumy: Möhüm tejribeler, guwandyryjy netijeler

30 Noýabr 2020
151

Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilen senesinden bäri, ýurdumyzyň içerki bazaryny ösdürmek boýunça asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Düýpli özgertmeler durmuşymyzyň ähli pudaklaryny gurşap alyp, ykdysadyýetimizde täze pudaklardyr ugurlar peýda boldy. Diýarymyzda bu ugurda amal edilýän işler bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyklykda ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Kararlary agrosenagat toplumynda täze tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň öndürilişini has-da ýokarlandyrmaga hem-de onuň eksport möçberini artdyrmaga täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen birinji mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, taryhy çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde, şeýle-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar bermek hakynda degişli Karara gol çekdi. Oba hojalygynyň giň gerimli özgertmeleriniň çäginde «Oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslaryna hem-de raýatlaryna ýer böleklerini bölüp bermegiň hem-de ondan peýdalanmagyň Tertibine» laýyklykda, ýer bölekleriniň 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga berilmegi hem oba zähmetkeşleriniň ýere bolan isleg-yhlasyny has-da artdyrdy.

Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.