Sazlarda Watan waspy

30 Noýabr 2020
173

Türkmen kompozitorlarynyň eserlerinden konsertleriň yzygiderli guralmagy ajaýyp däpleriň birine öwrüldi. Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirilen Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň eserlerinden düzülen konsert hem bu asylly däbiň mynasyp dowamy boldy. Özüniň belent heňli saz eserleri bilen döwrüň waspçysy hökmünde giňden tanalýan kompozitoryň eserleriniň konsertinde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet hory hem-de ýurdumyzyň belli sungat ussatlary çykyş etdiler. Ilkinji bolup kompozitoryň «Türkmenistan» atly eseri ýaňlandy. Döwlet horunyň, konserwatoriýanyň horunyň, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu aýdymdan soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandasy Didar Ýomudowyň goboýda ýerine ýetiren saz eseri konserte gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylanyldy.

Bilşimiz ýaly, kompozitor Rejep Rejebow milli kino eserlerini öz zehin owazy bilen bezän kompozitorlaryň biridir. Konsertde şunuň bilen baglanyşykly «Ykbal» filminden «Armanym» aýdymyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa aýdyp berdi. Şu filmden «Arzyly ýar» aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, «Jemalyň daragty» filminde döreden saz eserini Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Konsertde kompozitoryň halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan «Deňeýän», «Daglar», «Men seni söýýärin», «Ýalňyz ýoda» ýaly eserleri hem sungat muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.