Banan — saçaklaryň bezegi

30 Noýabr 2020
165

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda banan ýetişdirmek barada beren görkezmesi we gol çeken Karary diňe bir bagbanlary däl, ähli halkymyzy begendirdi. Hakykatdan-da, bu gün türkmen saçagynda adyny tutan miwäň bar. Olaryň ählisi-de türkmeniň sahawatly topragynda önýär. Indi olaryň hataryna türkmen bananynyň-da goşulmagy tüýs gutlanmaly zat. Şu wagta çenli daşarky subtropik ýurtlardan getirilýän bu ösümlik eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekilip, synagdan geçdi. Ömrüniň 50 ýyla golaý wagtyny bagbançylyga sarp edip, häzirki wagtda Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebinde ýaşlara biologiýa dersinden sapak berýän tejribeli bagban we bilim işgäri Meretgeldi Gurbanow özüniň mellek ýerinde banan ösümligini mundan birnäçe ýyl öň ýetişdirdi. Şonda ösümligiň ähli häsiýetlerini we ösüş aýratynlyklaryny öwrenmek bilen, onuň türkmen topragynda berýän hasylynyň örän ýokarydygyny, miwesiniň tagamynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden hiç babatda kem däldigini subut etdi.

Uly üstünlige eýerip, Lebapda bu ösümlik bilen gyzyklanýan we ony ekip, banan hasylyny ýetişdirýän bagbanlar köpelip ugrady. Kerki etrabynyň Astanababa obasyndan Hudaýberdi Döwletow, Halaç etrabynyň Rehimberdili obasyndan Merdan Hudaýberdiýew dagy şu günler tagamy datly bu miweli ösümligi ýetişdirmegiň hysyrdysy bilen. Lebapda bag ýetişdirmek işlerinde dürli kärdäki we dürli ýaşdaky adamlar uly höwes bilen meşgullanýarlar. Türkmenabat şäheriniň S.Nyýazow adyndaky Himiýa kärhanasynyň ýyladyşhanasy bolsa bu babatda nusga alarlyk. Bu ýerde banan, pyrtykal, zeýtun bilen birlikde, «Papaýa» atly gawun agajy-da ösdürilip ýetişdirildi. Dürli baýramçylyklarda bu ösümlikleriň miweleri kärhananyň işçileriniň toý saçagyny bezeýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.