Ynam üstünlige ýetirýär

30 Noýabr 2020
205

Golaýda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik zalynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Agyr atletika federasiýasynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hemaýatkärliginde geçirilen açyk çempionata agyr atletikaçy türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy. Birnäçe gün dowam eden çempionat turuwbaşdan gyzykly hem tolgundyryjy ýagdaýda geçdi.

Çempionatda ilkinji synanyşyklar zenanlaryň arasynda geçirildi. Olaryň arasynda geçirilen ýaryş diýseň täsirli boldy. Onda 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, 22 ýaşly türgen Ýulduz Jumabaýewa ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 156 kilogramlyk — silterläp götermekde 65 kilogram, itekläp götermekde bolsa 91 kilogram netije görkezip, altyn medala mynasyp boldy. 25 ýaşly türgen Bägül Berdiýewa silterlemekde Ýulduzdan 5 kilogram ýokary netije görkezen hem bolsa, iteklemekde 85 kilogram netijäni görkezip, ýaryşy ikinji orunda tamamlamagy başardy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.