Bagtyýarlygyň ýurdy

29 Noýabr 2020
46

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba we halk hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, senagatyň pudaklarynda, täze döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagynda, medeni ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli tutumly işleriň rowaçlyklara beslenmegi munuň şeýledigini aýan edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde ajaýyp ösüşleri, umumadamzat bähbitli tutumly işleri bilen dünýä taryhynda täze sahypany açdy. Halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan dünýä belli binagärlik sungaty hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik başlangyçlary netijesinde has-da rowaçlanýar. Halkymyzyň bina galdyrmak ýörelgesine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli ýerinde gurulýan binalar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilýär. Täze gurulýan obalarda, şäherçelerde maşgalalaryň bagtyýar ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy Gahryman Arkadagymyzyň binagärligi ösdürmek ugrundaky esasy talaplarynyň biridir.

Yslam DÖWLETSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.