Watanymyzyň baky Bitaraplygy ösüşlere dowamat

29 Noýabr 2020
59

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup, halkyň abadançylygynyň, ýurduň ösüş-özgerişiniň esasyny düzdi. Milli Liderimiziň watansöýüjilige, ynsanperwerlige beslenen başlangyçlary halky gülläp ösüşleriň ýolunda uly rowaçlyklara, bagtyýarlyga besledi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Bu ýylyň ady dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 25 ýylyň dolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäde parahatçylygy berkitmek, ähli halklaryň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny öňe sürýär we bu ugurlarda hemmelere görelde bolarlyk işleri durmuşa geçirýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk etmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmen halky üçin ýurt Garaşsyzlygyndan soňra taryh üçin gysga wagtyň dowamynda halkara giňişliginde gazanan ajaýyp ýeňişleriniň biri hem hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen "Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy" hakyndaky Rezolýusiýanyň esasynda eziz Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýan baky Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Biziň döwletimiziň bu halkara hukuk ýagdaýy bilen bagly aýratynlyklary milli kanunçylygymyzda, Döwlet baýdagymyzda, Tugramyzda we Senamyzda öz beýanyny tapdy. Milli döwletliligimiz biziň ýurdumyza özboluşly daşary syýasatyny alyp barmaga mümkinçilik berdi. Garaşsyz döwletimiziň binýadynyň berkemeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Ý.GURBANOW,
Ahal welaýatynyň häkimi.