Baky Bitaraplygymyz — egsilmejek bagtymyz

29 Noýabr 2020
52

Garaşsyzlyk alyp galkynan ata Watanymyz — Türkmenistan Birleşen Milletler guramasynyň düzümine deňhukukly agza hökmünde kabul edilen gününden bäri dünýäde parahatçylygy goramakda, halklaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny goldamakda uly goşant goşýan ýurda öwrüldi. Bu gün Bitarap Türkmenistan özüniň umumy ykrar edilen halkara-hukuk ýagdaýyna laýyklykda we ykdysady, medeni, syýasy taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýär.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda halkara ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna 25 ýyl dolýar. Bu sene ata Watanymyzyň täze taryhynda, halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bütin dünýäde giňden bellenilýär. Halkymyz bu senäni aýratyn şatlyk we şowhun bilen belleýär, dabaralandyrýar.

Mähri GARAJAÝEWA,
Ahal welaýatynyň döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri.