Sanly ykdysadyýetde internet we bank ulgamlarynyň orny

11 Noýabr 2020
361

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsleşige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi berýän güýç hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz ähli ulgamlar we ugurlar boýunça kämil ösüşi, döwrebap özgerişi başdan geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp ornuny eýelemeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklary ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, hyzmatdaşlyklarynyň gerimini hem giňeldýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly ulgam ornaşdyrylýar. Sanly ulgam bank amallarynda hem ençeme ýeňillikleri döretdi. Döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde häzirki zaman bank hyzmatlarynyň raýatlarymyz üçin amatly bolmagy aýratyn bellärliklidir. Bu bank hyzmatlarynyň sanawynda, aýratyn hem, şahsy taraplaryň maksatlary, zerurlyklary üçin bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar örän ähmiýetlidir.

Ýazberdi TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.