Garaşsyzlyk ― ganatymyz, bagtymyz

26 Sentýabr 2023
462

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň guramagynda «Lebap» toý mekanynda «Garaşsyz Diýarym bagta beslenýär!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz, işjeň partiýa agzalary, il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşanlar ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gyzgyn gutladylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň Garaşsyz Diýarymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

Jemile MAHMEDOWA,
TDP-niň Türkmenabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.