“Türkmendeňizderýaýollarynda” Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleri bilen duşuşyk boldy

26 Sentýabr 2023
211

Golaýda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglşylan ylalaşyga laýyklykda, bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Bu taslamanyň çäklerinde Yslam Ösüş banky bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny kämilleşdirmek we ösdürmek üçin grant bermek barada Ylalaşyga gol çekildi.