Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn nyşany gowşuryldy. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly hatlar we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda, hususan-da, häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baş şygar edinip, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygy, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.
Gysga taryhy döwürde Garaşsyz Türkmenistanda ägirt uly işler amala aşyryldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde täzeçil özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion häsiýetli kärhanalaryň işini ýola goýmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň önümçiliklerini döretmek, oba hojalygyny özgertmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.