Watanyň we halkyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin döwlet sylaglary

26 Sentýabr 2023
359

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni, “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglanyp, hormatly atlara mynasyp boldular. Döwlet sylaglarynyň we hormatly atlaryň dabaraly gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tejribesini, bilimini hem-de ukyp-başarnygyny Watanymyza hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna ýurdumyzda aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksada okgunly, zehinli, öz borjuna wepaly, watansöýüji şahsyýetler ýaş nesiller üçin nusgalykdyr.

Surata düşürenler Meretdurdy ROZYÝEW, Annanur REJEBOW.