Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň ÝÜZLENMESI

26 Sentýabr 2023
212

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde bize iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri.