Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

26 Oktýabr 2020
81

Suw — adam bedeniniň her öýjüginiň 75 göterimini tutýar. Başlangyç synplarda okaýan çagalaryň suwa bolan talaby günde 1-2 litr bolsa, ýetginjek ýaşlar üçin ol günde 1,5 — 3 litre deň. Esasan-da, çagalara we ýaşlara arassa suw içmek hem-de gazly içgilerden daşda durmak maslahat berilýär. Çünki irki ýaşlarda çaganyň akyl ýetirijilik we okuwa bolan ukyby onuň içýän arassa suwunyň mukdaryna bagly bolýar. Beden doly ganýança, suwuň mukdarynyň köpeldilmegi beýni ulgamynyň işjeňligini berkidýär.

Lukmanlaryň bellemeklerine görä, suwsuzlyk duýgusy aşakdakylar bilen kesgitlenýär, ýagny bedende suwuň mukdary azalýar, ganda duzlaryň mukdary ýokarlanýar. Munuň özi merkezi nerw ulgamyna suw içmegiň zerurlygy barada habar ýollaýar. Kähalatlarda agzyň guramagy suwsuzlygyň alamaty bolup durýar, ýöne ony suw içmek üçin hakyky habar hökmünde hasap etmeli däl. Yssy howada, çyglylyk ýokary bolanda, sport bilen meşgullanylanda, bedende suwuň ýitgisi köpelýär. Adam dem almak we derlemek arkaly 40 göterime golaý suw ýitirýär.