Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek

25 Oktýabr 2020
110

Dana halkymyz «Saglygym – baýlygym» diýýär. Ynsan üçin jan saglykdan ýokary baýlyk ýok. Ony goramak öňi bilen her bir ynsanyň özüne bagly bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak ugrunda işleýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmakda, Diýarymyzdaky şypahanalaryň durkuny täzelemekde, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmakda, dermanlyk ösümlikleri lukmançylyga ornaşdyrmakda birnäçe işler alnyp barylýar. Muňa şu ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda köpugurly saglyk düzüminiň üstüni ýetiren lukmançylyk ulgamynyň iri desgalarynyň açylmagy hem aýdyň mysaldyr. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, paýtagtymyzda açylan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň binasy, Estetiki merkezi Gahryman Arkadagymyzyň saglyk ulgamynda amala aşyrýan beýik işleriniň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär.

Rahmanberdi ABDYRAZAKOW,
Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.