Saglyk — ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

25 Oktýabr 2020
101

Belent mertebeli Prezidentimiz «Biz gelejekde hem raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bagly işleri giň gerim bilen alyp bararys. Ilat arasynda howply keselleriň öňüni alyş çäreleri elmydama güýçlendiriler» diýmek bilen, raýatlaryň saglygyny goramakda, keselçiligiň öňüni almakda uly işleri durmuşa geçirýär.

Şeýle üstünliklere ýetmegiň esasy ugurlary asly käri lukman bolan hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine saýlanan ilkinji günlerinde öz halkyna sowgat beren “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary” kitabynda beýan edildi. Ol ugurlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalary, şypahanalary we derman kärhanalaryny gurmagy, olarda keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullaryny ornaşdyrmagy, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi maksat edinýär. Kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daş durmak, kämil we başarjaň saglygy goraýyş hünärmenlerini taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny döwrebap ösdürmek, ýurtda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň işini kämilleşdirmek, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak esasy wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Lukmançylyga dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýerli tebigy serişdelerden täze dermanlary öndürmek we ilatyň olara bolan isleglerini kanagatlandyrmak, milli lukmançylyk mirasymyzyň ylmy we amaly taglymatlaryny netijeli peýdalanmak bilen saglygy goraýyş ulgamyny dünýä lukmançylyk ylmyna goşmak ugrundaky amala aşyrylan işler oňat netije berdi.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri.