Gymmatly eser

25 Oktýabr 2020
194

Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, biziň güneşe baý topragymyzda dermanlyk häsiýeti bilen belli bolan ösümlikleriň örän köp görnüşleri ösüp ýetişýär. Milli Liderimiz şol ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdasy baradaky maglumatlary «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen beýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda çapdan çykan bu eseriniň täze on ikinji jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, şeýle hem ähli ildeşlerimiz üçin möhüm ähmiýetli waka, işde ulanmaga tapylgysyz gollanma boldy.

Gymmaty egsilmeýän her bir kitap adama işde, durmuşda uly kömek edýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri aýdyň beýan edip gelýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli kitabynyň täze jildi şeýle häsiýete eýedir. Bu eser halkymyzyň we umumadamzadyň saglygyny gorap saklamakda lukmançylyk nukdaýnazardan ylmy çeşme bolmak bilen, ösüp gelýän ýaş nesle türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň ulanylyş ýollaryny, peýdaly taraplaryny öwredýär.

Täzegül SAPAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.