Arassaçylyk ýaşaýşymyzyň mazasydyr

24 Oktýabr 2020
183

Dana pederimiz Magtymguly Pyragy «Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy» diýip, ynsan üçin, ýaşaýyş-durmuş üçin saglykdan gymmatly nygmatyň ýoklugy, saglyk bolmasa hiç zatda maza bolmajakdygy barada aýdyp geçýär. Bilşimiz ýaly, saglyk üçin ilkinji zerur zatlaryň biri arassaçylykdyr. Biziň halkymyzyň edim-gylymy-da arassaçylyga, arymsylyga juda üns berýänligi bilen häsiýetlendirilýär. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Biz hapaçylygyň birnäçe ýaramaz keselleriň sebäpkäri bolup bilýändigini, şeýle-de nädogry iýmitlenmegiň ençeme keselleriň başy bolup bilýändigini bilýäris. Aýratyn hem, ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, çig-çarsy iýmitlerden, we doly arassalanmadyk ýa-da gaýnadylmadyk suwdan geçýär. Adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyrlar. Arassa howada gezelenç etmeklik hemmämiz üçin endige öwrülmelidir. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini ulanmalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

«Görk agyzdan, görmek eginden» diýilýär. Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök önümleri we miweleri iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmalydyr. Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeýje düzgünleri bilmelidir. Azyk önümleri, gap-çanaklar saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler hemişe arassa bolmalydyr. Otaglarymyzyň içi hemişe arassa saklanmalydyr. Arassaçylyk biziň saglygymyzyň ilkinji kömekçisidir. Hoşsurat, päkize egin-eşikli adamlary, ykjam, tämiz geýnen ýaşajyk oglan-gyzlarymyzy, arassaja geýindirilen kiçijik çagajyklary görenimizde göwnümiz, gözümiz dokunýar. Biz şu sahypamyzda öň hem hemmelere mälimligine garamazdan, arassaçylyk kadalarynyň käbir düzgünlerini agzap geçmekligi makul bildik:

«Zenan kalby».