Bathyz Badamy

24 Oktýabr 2020
116

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Dünýäde, takmynan, 40, GDA ýurtlarynda 13 (17), Türkmenistanda 6 görnüşi duşýar.

Bathyz badamy — bägüller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 1—1,5 metr gyrymsyja wekili. Ýapragynyň ýokarysy we aşagy azda-kände gür tüýlüje. Okaraýapragynyň daşy uzyn ýumşak tüýlüje. Gipantisi inçe silindrik, esasy azda-kände çişen; tyçinkalary 10—18 sany.