Wagyz-ündew çäreleri

23 Oktýabr 2020
84

Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdepde etrap häkimligi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» ady bilen wagyz-ündew çäresini geçirdik. Çäräniň baş maksady türkmen gelin-gyzlarynyň jemgyýetde tutýan ornuny, perzendiň ene-atasyna bolan sylag-hormatyny, Watana bolan söýgüsini wagyz etmekden ybarat boldy. Çykyş edenler ata Watana wepaly, halal zähmete hormat goýýan ýaşlary terbiýelemek her bir ene-atanyň, terbiýeçiniň, mugallymyň öňündäki borç hasaplanýar diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini buýsançly nygtadylar.   

Aýbibi TÄÇMYRADOWA,
TMÝG-niň Serdar etrap geňeşiniň uly buhgalteri.

Polat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň wekili.