Saglyk — bahasyz baýlyk

23 Oktýabr 2020
111

Häzirki wagtda ýerli saglygy goraýyş ulgamy we onuň düzümindäki saglygy goraýyş edaralary Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary bilen bilelikde ýiti ýokanç keseliniň öňüni almak, onuň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça giň gerimli çäreleri amala aşyrýarlar. Möwsümleýin ýokanç keselleri dörediji wiruslar adamdan adama howa-damja ýoly hem-de howa-tozan ýoly arkaly geçip bilýär. Ýokuşmak mümkinçiligi uly ýaşly gartaşan adamlarda, ýaş çagalarda, şeýle hem saglyk ýagdaýy gowşak adamlarda has hem ýokary bolýandygyny nygtap geçmek zerurdyr.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, respirator ýa-da dümew keseli ähli ýokanç keselleriň arasynda ýaýramagy boýunça birinji orunda durýan keselleriň biri bolmagynda galýar. Häzirki wagtda ýiti respirator keselini döredýän wiruslaryň 200-den gowragy belli. Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky maslahatlary ýerine ýetirmek hökmanydyr:

Jemal ATAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.