Göz maşklary (Ýaşlar we saglyk)

23 Oktýabr 2020
105

Häzirki döwrümize tehnikanyň iň ösen döwri diýsek hem ýalňyşmarys. Durmuşymyzda ähli zat diýen ýaly tehnika bilen bagly bolup, olar işimizi ep-esli ýeňilleşdirýär. Ýöne olaryň käbiri bilen uzak işleşilende, käbir beden agzalarymyza zyýan ýetmegi hem mümkin. Mysal üçin, kompýuterleri alyp göreliň. Kompýuter işde-de, öýde-de gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip gitdi. Kompýuterde işlemek işlerimiziň agramly bölegini ýeňilleşdirýän hem bolsa, islesek-islemesek, ondan serpikýän şöhläniň gözümize zyýanly täsiri bardyr. Esasy aýtjak bolýan zadymyz, kompýuterde ýa ýene-de şuňa meňzeş tehnikalar bilen köp işleşilende, göz maşklaryny etmeklik maslahat berilýär. Şol sebäpden ýörite hünärmenleriň maslahat berýän göz maşklarynyň birnäçesini siziň bilen paýlaşmagy makul bildik!

♦ Gözleriňiz bilen sagat diliniň ugruny yzarlamaly. Bu maşky 10 gezek ýerine ýetireniňizden soň, gözleriňizi sagat diliniň ters ugruna aýlamaly.

Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».