Ylym ýolunda adygan

23 Oktýabr 2020
180

Her bir ynsanyň gyzyklanmalary, meşgullanýan kesp-käri oňa mynasyp durmuşy we öz ýaşaýan jemgyýetinde uly hormat-sylagy bagyş edýär.
Şeýle kişileriň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Başlangyç synplarda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty Hudaýnazar Hojanyýazowdyr. Ol ady agzalan institutda aspiranturany tamamlap, 1989-njy ýylda Ukrainanyň Kiýew şäherindäki Psihologiýa ylmy-barlag institutynda «Okuw-oýun ýagdaýynda matematiki amallary öwretmegiň psihologik aýratynlyklary» diýen tema boýunça «Psihologiýa ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini üstünlikli goraýar.

Uzak ýyllaryň dowamyndaky ylmy gözlegler, ýurdumyzyň bilim edaralarynda geçirilen tejribeler alymy täze döredijilikli usuly işlere ruhlandyrýar. Ol her bir çaganyň häsiýetini gowulyga tarap ugrukdyrmagyň, mümkinçiliklerini ösdürmegiň ýollaryny gözleýär, ylmy-usuly işler bilen yzygiderli meşgullanýar. Okuw-terbiýeçilik işlerinde türkmen halkynyň taryhyny, milli mirasyny, ruhy baýlyklaryny öwrenmek boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-usuly maslahatlarda yzygiderli çykyş edýär.

Mahym ROZYÝEWA.