Narda şypa bar

22 Oktýabr 2020
141

Güýz pasly — dürli ir-iýmişleriň bişýän döwri. Bu döwürde miweleriň içinde iň ýokumlylarynyň biri bolan naryň ýetişmegi tebigatyň adam bedeni üçin edýän täsin goldawlarynyň biridir. Sebäbi nar bedeni berkitmek üçin zerur bolan zatlara baý. Ir döwürlerden bäri melhemlik täsiri bilen belli bolan nar barada gyçgaça gürrüň edeliň.

Nar agajynyň ortaça 100 ýyl ömri bar, geň ýeri — Günüň şöhlesi az düşse, bu agaç güllemeýär. Gadymyýetde nar agajynyň owadan däneli miwelerini derman hökmünde giňden ulanypdyrlar. Naryň üýtgeşik tarapy onuň köpugurly ulanylyş aýratynlygydyr. Ondan mata boýaglary-da, dermanlyk içgiler-de, başga-da köp-köp zatlar taýýarlanylýar.

Mähri NURLYÝEWA,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.