Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky medeniýet günleri

5 Iýun 2023
158

Şu ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen halkynyň taryhyna, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna we Garaşsyz Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Giň möçberli medeni forumyň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşmagy Medeniýet günleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe boldy. Şunda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara derejedäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu bolsa medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine, dürli halklaryň däpleri we baý taryhy mirasy bilen tanyşmaga ýardam edýär.

(TDH)
Beýleki habarlar