Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany üstünlikli amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Häzirki döwürde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hoşniýetli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hem has-da ösdürilýär.