Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär, ýaşlar sporta, bedenterbiýä işjeň gatnaşýar. Ynha, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu senäniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny, bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny ýene bir gezek äşgär edendigini bellemek ýakymlydyr. Has takygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edildi.
Sagdynlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 3-nji iýunynda welosipedli ýörişler üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň