Giň gerimli işler

22 Oktýabr 2020
230

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Sanly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bilim edaralarynyň tehniki programmalaýyn üpjünçiligi gowulandyrylýar, maglumatlaryň toplanylyşy we uzak aralyklara geçirilişi elektron enjamlarda amala aşyrylýar.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy bilim ulgamynda guralýan okuwlaryň mazmunyny çuňlaşdyrmaga, medeniýetini ýokarlandyrmaga, uzak aralykdan ylmy maslahatlary, bäsleşikleri guramaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde mekdepler elektron göteriji kitaplara baýdyr. Mekdeplerde döredilen bilim portallary talyplara islendik derse degişli baý maglumatlary toplamaga, uzak aralyklara geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Oguldurdy JUMAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.