Ownuk motorika we robototehnika

22 Oktýabr 2020
266

«Motorika» sözi terjime edilende, ol «hereket» diýmegi aňladýar. Ownuk motorika diýip gysga myşsalaryň hereketine, barmaklaryň çalasynlygyna düşünilýär, çünki söze we akyla jogap berýän kelle beýnisiniň merkezi barmaklaryň ujy bilen baglanyşyklydyr. Barmajyklar entek kämilleşmedik beýniniň dogry ösüşine gönüden-göni täsir edýär.

Adamyň beden gurluşynyň, aýratyn hem beýniniň ösüşini öňünden kesgitläp, düşündirip bolmaýar. Elleriň her biri beýniniň özüne degişli bolan ýarymşaryna (atanaklaýyn) jogap berýär. Şonuň üçin çaganyň elleriniň motorikasyny ösdürmek örän wajypdyr. Atababalarymyz çagalaryna “Bäş daş”, “Aşyk” ýaly oýunlary oýnadyp, olaryň ownuk motorikasyny ösdüripdirler. Häzirki döwürde çagalaryň motorikasyny ösdürmek üçin has kämil usullardan peýdalanylýar. Olara dürli “Pazl”, “LEGO”, “Robototehnika” konstruktorlaryny (toplumlaryny) mysal getirmek bolar. LEGO konstruktorynyň aýratynlyklarynyň biri hem onuň detallaryny dürli ýagdaýda birikdirip bolýanlygydyr. Mysal üçin, kiçi ýaşly çagalar üçin LEGO DUPLO konstruktorynyň detallary adaty LEGO-nyň “kerpiçjikleriniň” ölçeginden 8 esse uludyr, muňa garamazdan, olar aňsatlyk bilen birleşdirilýär. Irki ýaşdan konstruktirlemäge başlan çaganyň ýyl-ýyldan bu ugurdan tejribesi artýar we oňa bolan höwesi güýçlenýär.

Annamuhammet ALLAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri.