Döwlet maksatnamasy: himiýa ylmyny ösdürmegiň wezipeleri

22 Oktýabr 2020
198

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmelerde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle bolansoň, himiýa ylmy we täze himiki tehnologiýalar arkaly ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de himiki tehnologiýalaryň kämil derejelerini gazanmak şu günüň derwaýys meseleleri bolmagynda galýar. Bu wezipeleri çözmek hem-de alym Prezidentimiziň geostrategik geljegi nazarlaýan ylym-bilim syýasatyny amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniňdir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallaryň çeşmelerinidir gorlaryny anyklamakda, olaryň himiki düzümlerini, fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemekde tagallalaryny birleşdirýärler. Munuň üçin täze önümleri öndürmegiň innowasiýa tehnologiýalaryny işläp düzmäge we olary önümçilige ornaşdyrmaga niýetlenen ylmy-barlag işlerini geçirmäge gönükdirilen häzirki zaman barlaghanalaryňdyr enjamlaryň, himiki reaktiwleriňdir gerek bolan esbaplaryň üpjün edilip, alymlaryň düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzda ylma berilýän ünsüň ýokarydygyny görkezýär. 

Durdymyrat GADAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.