Irginsiz zähmetiň miwesi

21 Oktýabr 2020
252

Taryhy rowaýatlarda, ýazgylarda ylmyň, döredijiligiň dürli ugurlarynda açyşlary eden ägirtleriň öz ylmy we döredijilik gözlegleriniň jogabyny düýşlerinde tapandygy taryhy hakykat. Çünki gije-gündiz şol bir alada bilen gurşalan aňyň düýşde çözmesi kyn bolan sowalyň jogabyny tapýandygy Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň, halk arasynda Lukman Hekim adyna eýe bolan Abu Ali ibn Sinanyň ýatlamalarynda beýan edilýär. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbini döreden Aýhan Hajyýew ýatlamalarynda «Bir zady köp pikir etseň düýşüňe girýärmiş diýleni dogry eken. Şahyryň keşbi meniň düýşüme birnäçe gezek girdi» diýip belläpdir. Şägirdi al-Jüzjany tarapyndan Lukman Hekimiň öz dilinden ýazga geçirilen «Ibn Sinanyň ömür beýany» atly kitapda «Gijelerine şem ýakyp okamak we ýazmak bilen meşgul bolýardym. Haçan ukym gelse, bir ysgynsyzlyk ýa-da islegsizlik duýsam bir käse şerbet içerdim. Güýç toplap gaýtadan okamaga başlardym. Azajyk irkilsem ol meseleleri aýdyň görnüşde düýşümde görerdim. Hatda birnäçe meseleler maňa ukuda hemmetaraplaýyn örän aýdyň bolardy. Bu ýagdaý mende ähli ylymlarda kämilleşýänçäm we düýpli düşünýänçäm dowam etdi» diýlip beýan edilýär.

Dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşinde ajaýyp açyşlary bilen ölmez-ýitmez bolan ägirtler bu abraý-mertebä irginsiz, tutanýerli zähmetleri bilen ýetip, umumadamzat taryhyna öz atlaryny ýazyp bilipdirler.

Mämmetnepes BATYROW,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.