Ylym — bagtyň şuglasy

21 Oktýabr 2020
199

Ylym baradaky düşünjäni öz dilimizde has ýönekeýleşdirip beýan etsek, onda muňa döredijilik işiniň netijesi hem diýip bolar. Bu işiň netijesinde oňa barýan ýolda täze pikirler, garaýyşlar we açyşlar ylmyň ruhuny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Şonuň üçin ylym köptaraply we çylşyrymly bilimden gözbaş alýar. Ylmyň hemişe öňe gidişligi nazarlaýandygy sebäpli, ol jemgyýeti täzelikler bilen gurşap, bizi täze giňişliklere aralaşdyrýar. Şeýlelikde, adamlaryň döredijilik aňynyň bitewileşen ulgamy döreýär. Munuň netijesinde bolsa umumy halkyň ylmy sowatlylygy artýar. Biz öz ylmy garaýyşlarymyzy kämilleşdirip, onuň netijesinde tutuş jemgyýete ykdysady üstünlikleri, ynsanperwer häsiýetleri we adam medeniýetini ýokarlandyryp bolýandygyny subut etmek bilen, adamzadyň bahasyz baýlygynyň ylymda jemlenendigini, häzirki eýýamyň ösüş guralynyň hem ylymdadygyny tassyklap bilýäris.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde, bu gün ýurdumyzyň geljeginiň aýdyň hem şuglalydygyny birjik-de säginmän aýdyp bileris. Onuň sebäbini bolsa ýurdumyzyň diňe bir soňky ýyllardaky ykdysady görkezijileri däl-de, eýsem, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmek arkaly pudaklaryň ylmy esasda ösdürilýändigi, oba hojalyk tehnikalarynyň telematik usulda dolandyrylyp, ýerden bol hasyl öndürýän daýhanlaryň «ak altyn» harmanlaryndan hem görüp bilýäris.

Gurbanmuhammet WELMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.