Tekstde sözlem gurluşy

20 Oktýabr 2020
211

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasaty uly üstünliklere eýe bolýar. Bu döwrebap ösüşlerimizde ylym-bilim ulgamy hem mynasyp orun tutýar. Hususan-da, orta we ýokary okuw mekdeplerimizde daşary ýurt dilleri yzygider düzülen maksatnamalar we meýilnamalar arkaly öwrenilýär. Bu bolsa, dostlukly ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarymyzy täze belentliklere ýetirmäge ýardam berýär. 

Daşary ýurt dilini öwrenmek, erkin sözleşip bilmek we ýazuw üsti bilen gerek bolan endikleri amal etmek ýaşlaryň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu maksada ýetmek üçin, tekstiň içinde sözlemiň aýratynlyklaryna düşünmek zerurlygy ýüze çykýar. Ýaýbaň sözleýiş bolan tekstde sözlem gurluşyny dogry amal edip bilmek degişli lingwistik seljermesini talap edýär. Dogry, diňe bir sözüň hem degişli intonasiýa bilen aýdylanda tekst düşünjesini berip bilýändigini dilçi alymlar belläp geçýärler. Muňa garamazdan, tekst esasan ýaýbaň sözleýiş birligi hökmünde göz öňüne getirilýär. Tekstiň esasy birligi sözlem bolup, ol tekstiň içinde dürli gurluşlarda gelip bilýär. Bar bolan grammatikalar, köplenç, sözlemi ýaýbaň sözleýişden üzňe seljerýärler. Bu bolsa ýeterlik bolman, her bir sözlem gurluşy, onuň mazmuny bu sözlemiň tekstde öwrenilmegini şertlendirýär.

Myrat BEGLIÝEW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, professor