Himiýa ylmy: ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary döwrüň zerurlygyndan ugur alýar

19 Oktýabr 2020
223

Döwür bilen aýakdaş gitmek islendik ugurda-da ähmiýetlidir welin, berkarar Watanymyzyň ýagty geljeginiň kepili bolan ylym ulgamynda onuň gymmaty has başgaçadyr. Çünki bedew batly ösüşlerimiziň, ykdysady kuwwatymyzyň belende göterilmegi, öňi bilen, ýurdumyzyň ylym ulgamynda ýetilýän sepgitler bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Häzirki zaman dünýäde dowam edýän çylşyrymly şertlerde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň sebäpleri we onuň öňüni almak bilen bagly meseleleri ylmy taýdan öwrenmek ilkinji nobatdaky zerurlyklaryň hatarynda durýar. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda ylmy barlaglary alyp barmak, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda howa şertlerimize görä zyýansyzlandyryş erginleriniň täze görnüşleriniň üstünde işlemek boýunça möhüm tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda bu ugurda degişli ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar, olaryň oňyn netijeleri berýändigini bolsa, bu ylym ojagynyň ýaş alymlarynyň oýlap tapyşlarynyň mysalynda görmek bolýar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».