Fotohrom äýnekler

19 Oktýabr 2020
192

Fotohrom äýnekler awtoulaglaryň içinde garalanok, sebäbi häzirki döwürde öndürilýän awtoulaglaryň aýnalary doly diýen ýaly ultramelewşe yşyklaryny öz içine siňdirýär.

Fotohrom (iňlis dilinden terjime edilende foto — surat, grek sözünde bolsa chrom — reňk diýen manyny aňladýar) bir maddanyň öňki ýagdaýyna öwrülip bilijilik häsiýetine we ýagtylygyň täsiri bilen öz reňkini üýtgetmegine aýdylýar. Fotohrom äýnekleri başgaça hamelýon äýnekler diýlip hem aýdylýar. Ondan öňki äýnekler öz reňklerini üýtgedip bilmändirler, olar ulanyşa çykarylmazdan öň reňk berlip taýýarlanypdyr. Häzirki döwürde fotohrom äýnekler öz reňkini Günüň intensiwligine (ýitiligine) görä üýtgedýärler we şeýlelik bilen gözleri Günüň ýiti şöhlesinden goraýarlar, bu äýnekleriň ýene bir aýratynlygy ol adamyň gözlerini ultramelewşe şöhleden hem goraýar. Olar öýden daşaryk çykamyzda garalýar. Sebäbi, Günden gelýän ultramelewşe yşyklary äýnegiň linzasy bilen çaknyşyp, üýtgeýär we garalýar.