Göz aldadyjy suratlar nähili hereket edýär?!

19 Oktýabr 2020
172

Adamyň görüjiligi göz bilen birlikde beýnä hem agram salýandyr. Çünki alnymyzdaky her bir zat gözümize öz şöhlesini ugradýar. Eger beýnimiziň kömegi bolmasa, görýän zatlarymyzyň ählisini kadaly görmezdik.

Adamlarda «Görmek — ynanmak» diýen düşünje bar. Hakykatdanam, biz görýän zatlarymyzyň çyn bolup çykmagyna şeýle bir öwrenişipdiris welin, onuň ýalan bolup biljekligi hakda şübhelenmek düýbünden oýumyza-da gelenok. Görýän şekilimiz nämäni aňladýar? Nämä meňzeýär? Nämäni ýatladýar? Gözlerimiz bu soraglaryň ählisine beýnimiziň kömegi bilen jogap berýär. Mahlasy, dünýä akyl ýetirmekde gözlerimiz iň gowy serişde bolup hyzmat edýär. Muňa garamazdan, käwagt gözlerimiz hem bizi aldap bilýär ekeni.