Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17 Oktýabr 2020
1075

Aşgabat, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.