Ylym bagynyň bagbany

17 Oktýabr 2020
358

Her maşgalada nusgalyk adamlar bolýar. Olar maşgalanyň beýleki agzalaryna hem görelde bolýar. Göreldäni kakasy Aman Söýünden alan, çagalygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelen Hojanyýaz Amanow hukuk ylmynyň görnükli alymlarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda çuňdan beýan edilişi ýaly, ynsany kämillige ýetirýän, belentliklere atarýan döwletlilik ýörelgesinde ylym-bilim, zähmetsöýerlik, ynsaplylyk bilen birlikde, durmuş mekdebiniň kadalary — paýhas pendi hem uly orun tutýar. Bularyň ählisine Aman agalaryň maşgalasynda hem uly sarpa bilen garalýardy. Aman aga Beýik Watançylyk urşunyň aldym-berdimli ýyllarynda-da, ondan öňem, soňam halal zähmeti bilen daýhançylyk eden kişidi, öz sözüniň eýesi, hakykat ugrunda göreşijidi. Maşgalanyň üçünji perzendi Hojanyýazda hem kakasynyň şu häsiýetleri bardy. Ikinji jahan urşy ýyllarynda, heniz ýetginjek döwründe oňa eýýäm obada brigadirligi ynanýarlar. Urşa giden uly ýaşly adamlaryň ornuny tutmak bilen, şol ýowuz ýyllaryň ýetginjekleri zähmetde kemsiz taplanypdylar. Bu hakda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda täsirli beýan edilýär.

1930-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Körsagyr obasynda dünýä inen Hojanyýaz Amanow 1949-njy ýylda paýtagtymyzdaky ýörite mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlaýar. Soňra Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdepde çagalara bilim hem terbiýe berip başlaýar. Durmuşyň kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken Hojanyýazy ylym-bilim dünýäsi barha özüne çekýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ol eýýäm Aşgabatdaky hukuk mekdebiniň diňleýjisidi. Şol bir wagtda-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinde gaýybana okuwyny dowam etdirýärdi. Ömürboýy mugallymçylyk kärine wepaly bolan Hojanyýaz aga 1955-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işläp başlaýar. Işiniň gapdaly bilen terbiýeçilik häsiýetli birnäçe kitaplary ýazýar. Bu eserlerde jenaýata getirýän sebäpler köki-damary bilen yzarlanýar. Hojanyýaz Amanow 1971 — 1976-njy ýyllarda ýurdumyzyň Bilim ministrliginde ýokary we ýörite orta okuw mekdepleri müdirliginiň uly gözegçisi, başlygy bolup zähmet çekýär. Durmuş, ylym tejribesi ýetik, hukuk ylymlarynyň doktory, professor Hojanyýaz Amanowyň zähmet ýoly 1976-njy ýyldan 1988-nji ýyla çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hukuk ylmyndan talyplara bilim bermeklige çenli uzap gidýär.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».