Ýaşlary ylma çekmek

15 Oktýabr 2020
319

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlary ylma çekmegiň ähmiýeti barada yzygiderli belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlary ylma çekmek, olary täze ylmy gözleglere höweslendirmek boýunça tagallalar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz dünýä ylmynyň gazananlaryna, milli oňyn tejribelerimize laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmäge, önümçilik we pudaklar bilen arabaglanyşygy işjeňleşdirmäge, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary ýaýbaňlandyryp, ýaşlaryň ylma çekilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ýaşlaryň ylmy barlaglar bilen meşgullanmaklary üçin degişli işler amala aşyrylýar.

Nurmämmet ALTYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.